Saud Arabystanynyň çempionaty SPL-de çempion belli boldy. Möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, has takygy, 32-nji tapgyrda sanawyň lideri “Al-Ittihad” topary myhmançylykda “Al-Raed” toparyndan Stewen Bergiwýn, Danilo Pereira hem-de Abdulrahman Alobudyň gollary bilen 3-1 hasabynda üstün çykdy. Bu ýeňişden soň, utugyny 77-ä çykaryp, 2-nji ýerdäki topardan 9 utuk öňe saýlandy. Şunlukda, Jidda şäheriniň kluby 1 ýyllyk arakesmeden soň, 10-njy çempionlygyny gazandy. 8 gezegem 2-nji ýeri eýelän “Al-Ittihad” toparyna fransiýaly Loran Blan tälim berýär. Toparda Karim Benzema, N’Golo Kante, Stewen Bergwiýn, Danilo Pereira, Fabinio, Husem Auar, Mussa Diabi ýaly ýyldyz futbolçylar çykyş edýär.
SPL-de şu wagta çenli iň köp çempionlyk gazanan topar “Al Hilal” bolup, Er-riýadlylaryň 19 çempionlygy bar. “Al-Ittihad” 10-njy çempionlygyny gazanyp, 9 ýeňşi bolan “Al Nassrdan” öňe saýlandy we 2-nji orna beýgeldi. Paýtagtyň başga bir kluby “Al-Şabab” toparynyň-da 6 çempionlygy bar.