Britaniýaly meşhur ýazyjy Julian Barns edebiýat älemindäki 45 ýyldan gowrak işinden soňra, 80 ýaşynda roman žanryndaky işini tamamlaýandygyny mälim etdi. Ol şu ýylyň 23-nji oktýabrynda gowşuryljak edebiýat ugry boýunça 2026-njy ýylyň şazada Asturiýa baýragynyň eýesi boldy. Barns 2001-nji ýylda bu baýraga mynasyp bolan Doris Lessingden soňra, abraýly baýragy aljak ikinji britaniýaly ýazyjydyr. Şeýle hem ýazyja Žoan Mironyň heýkeljigi, diplom, ýörite nyşan we 50 müň ýewro möçberindäki pul baýragy gowşurylar.
Ýazyjynyň Barselonadaky «Caixaforum» medeniýet merkezinde geçirilen «Hoşlaşyklar» («Despedidas») atly täze essesiniň tanyşdyrylyş dabarasynda mälim etmegine görä, bu eser onuň iň soňky kitaby bolar. Şol bir wagtda awtor beýleki edebi žanrlarda işlemegini bes etmejekdigini mälim etdi.
Julian Barns 1946-njy ýylda Lester şäherinde dünýä indi. Ol Oksford uniwersitetiniň häzirki zaman dilleri fakultetini tamamlap, edebiýat meýdanyna gelmezinden öň leksikograf, synçy hem-de edebiýat tankytçysy bolup işledi. Ýazyjy Fransiýanyň Sungat we edebiýat ordeni, Amerikan akademiýasynyň E. M. Forster baýragy ýaly birnäçe abraýly sylaglaryň eýesidir. Ýazyja uly meşhurlygy 1986-njy ýylda çap edilen we Buker baýragyna dalaşgär görkezilen «Floberiň totusy» atly üçünji romany getirdi. Barns roman we esse žanrlaryny utgaşdyrýan özboluşly ýazuw täri bilen tapawutlanýar. Ol özüniň ilkinji Buker baýragyna bolsa diňe 25 ýyldan soň, ýagny «Soňuňy duýmak» romany üçin mynasyp boldy. Ispaniýada onuň kitaplary «Anagrama» neşirýaty tarapyndan köpçülige ýetirilýär.