Günsaýyn ösüp-öz­ger­ýän ýurdumyz tä­ze sepgitler bi­len be­lent üs­tün­lik­le­re eýe bol­ýar. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de halk bäh­bit­li we dün­ýä äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­lar has ro­waç­lan­ýar. Şun­da dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy wa­gyz et­mek, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­na eýe­rip, umu­ma­dam­zat bäh­bit­li baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­mek çuň­ňur ma­ny-maz­mu­na eýe­dir. Şeý­le hem he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan baş­lan­gyç­la­ryň dün­ýä­de yk­rar edil­ýän­di­gi­ni bel­le­mek has-da ýa­kym­ly­dyr.
He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny, dur­nuk­ly ösü­şiň bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­dy. Dur­nuk­ly ösüş ýur­du­my­zyň pa­jar­lap ös­me­gi­ne, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ryň has-da gi­ňel­dil­me­gi­ne ba­dal­ga­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem­me­ta­rap­la­ýyn hem-de yl­my esas­da al­nyp ba­ryl­ýan öň­den­gö­rü­ji­lik­li, hoş­ni­ýet­li sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de dün­ýä­niň en­çe­me döw­let­le­ri, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len kö­pu­gur­ly hem-de giň möç­ber­li hyz­mat­daş­lyk­la­ryň ge­ri­mi bar­ha gi­ňel­dil­ýär. «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly: dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de se­bi­ta­ra yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň or­ny» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat hem bu aý­dan­la­ry­my­za aý­dyň my­sal­dyr. Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len bu mas­la­hat se­bi­ta­ra yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak hem-de se­bit­de we dün­ýä­de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de mö­hüm ädim bol­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hal­ka­ra mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra ug­ra­dan gut­la­gyn­da «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň mö­hüm wa­ka­la­ry­nyň bi­ri bo­lan, se­bi­ta­ra yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­ýän bu hal­ka­ra mas­la­hat Mer­ke­zi we Gü­nor­ta Azi­ýa döw­let­le­ri­niň ara­syn­da­ky hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ryň has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, üs­ta­şyr ulag we üp­jün­çi­lik tas­la­ma­la­ry­nyň hä­zir­ki za­man ösüş ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga, oňa ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mä­ge giň­den ýar­dam be­rer» di­ýip bel­le­di.
He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­ni dün­ýä ýaý­ýan, halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ryny has-da pug­ta­lan­dyr­ýan türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, alyp bar­ýan be­ýik iş­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!

Gül­ba­har Ke­ri­mo­wa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.