Ýa­kyn Gün­do­gar ýur­dy bo­lan Oman­da il­kin­ji kos­mod­ro­myň gu­rul­jak­dy­gy mä­lim edil­di. «Et­laq» at­ly des­ga­nyň 2030-njy ýy­la çen­li do­ly işe gi­ri­zil­jek­di­gi bel­le­nil­ýär. Ýur­duň ke­nar­ýa­ka Dukm şä­he­rin­de gu­rul­jak kos­mod­rom­da uly, or­ta we ki­çi göw­rüm­li ra­ke­ta­la­ry uçur­mak üçin be­ket­ler bo­lar. Bu ba­ra­da go­laý­da Mas­kat şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Kos­mos pudagyna bagyşlanan mas­la­ha­t­da mä­lim edil­di. Ýur­duň Mil­li kos­mos hyz­mat­la­ry kom­pa­ni­ýa­sy­nyň (Nascom) ýol­baş­çy­sy Az­zan al Sa­ýid hä­zir­ki wagt­da kos­mod­ro­myň mak­sat­na­ma­sy­nyň taý­ýar­lan­ýan­dy­gy­ny, 2025-nji ýyl­da gur­lu­şy­gy­na baş­lan­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de Ek­wa­tor gu­şak­ly­gy­na iň ýa­kyn kos­mod­rom Fran­suz Gwi­ne­ýa­syn­da bo­lup, bu Ame­ri­ka yk­ly­myn­da ýer­leş­ýär. Oman­da gu­rul­jak kos­mod­ro­myň Azi­ýa­da hem-de ek­wa­to­ra ýa­kyn bol­ma­gy kos­mos pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­lar üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri hö­dür­lär. Me­teo­ro­lo­gi­ýa, ara­gat­na­şyk, yl­my iş­ler üçin äh­mi­ýet­li bo­lan kos­mos pu­da­gy soň­ky ýyl­lar­da sy­ýa­hat­çy­lyk üçin hem has köp peý­da­la­ny­lyp baş­lan­dy.

Araz­dur­dy AÝT­GEL­DI­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Ser­het ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.