Germaniýanyň kompaniýalarynyň önümçiligi energiýanyň bahasynyň ýokarlanandygyna garamazdan, sentýabr aýynda 2,6 göterim ýokarlandy. Şeýlelikde ýurtda soňky ýedi aýdaky iň ýokary önümçilik mukdary hasaba alyndy. Bu görkezijiniň garaşylandan ýokary bolandygy mälim edildi. Ýurduň Federal statistika edarasynyň maglumatlaryna görä, senagat önümçiligi awgust aýyndakydan 0,6 göterim ýokary bolupdyr. Ýyllyk ösüş bolsa, 2,6 göterim bolupdyr. Şeýlelikde, fewral aýyndan soňky iň ýokary görkeziji hasaba alnypdyr.
Maglumatlara görä sentýabrda energiýa we gurluşyk pudaklary hasaba alynmanda awgust aýyndaka garaňda 0,7 artyşyň hasaba alnandygy mälim edildi.
Energiýa önümçiliginde bolsa Ýel energiýasyndaky ösüşiň hasabyna 1,7 göterimlik ösüş gazanylypdyr.
Ataly Atalyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF









