Häzirki wagtda senagat kärhanalarynda awtomatlaşdyrylan ulgamlar has köp ulanylýar. Bu ýagdaý ozal el güýji bilen edilýän işleriň has çalt, arzan we üznüksiz ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär. Senagat robotlary, esasan, gämigurluşyk, maşyngurluşyk zawodlarynda we beýleki senagat kärhanalarynda giňden peýdalanylýar. Hytaý 2015-nji ýylda robotlaryň önümçiligine degişli iri taslamany durmuşa geçirip başlady. Şonda ýylda 100 müň robotyň öndürilmegi maksat edinilipdi. Robotikleriň halkara guramasynyň maglumatyna görä, ýurtda 2022-2023-nji ýyllarda 276 müňden gowrak senagat roboty öndürildi. Bu görkeziji degişli döwürde dünýäde öndürilen robotlaryň ýarysyna barabardyr.
Kadyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.