Gözel Diýarymyzyň çar künjegine uzaýan döwrebap ýollar eşretli durmuşymyzy has-da gözelleşdirýär. Bu ýollar halkara ülňülere laýyk getirilýär. Ulag serişdeleriniň barha artmagy bolsa ýol hereketiniň gözegçilikde saklanmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi ugrunda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde möhüm işler alnyp barylýar.
Ýol hereketinde howpsuzlygy üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak wezipesi biziň ýurdumyzda hem möhüm ýerine ýetirmeli wezipeleriň biri bolup durýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky esasy meseleler hemmeler üçin möhüm bolup durýar. Bu mesele jogapkärli çemeleşmegi talap edýär. Awtoulaglaryň sanynyň barha artmagy diňe bir sürüjileriň däl, eýsem, pyýadalaryň hem bu babatdaky jogapkärçiligini artdyrýar.
Ýaz we güýz aýlarynda ýagynly günler köp bolup, gyş paslynda bolsa köçelerde garyň, ýagşyň ýagmagy bilen doňaklygyň emele gelmegi herekete gatnaşyjylardan aýratyn ünsli bolmagy talap edýär. Esasan hem, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda sürüjileriň hem, pyýadalaryň hem ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmeklerine baglydyr.
Hormatly sürüjiler! Awtoulaglaryňyzy ünsli dolandyryp, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etseňiz, Diýarymyzyň gözelligine, maşgalaňyzyň, halkymyzyň abadan durmuşyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşdugyňyz bolar.
Halkymyza eşretli ýaşaýşy bagyş edip, ýurdumyzy dünýäde ösen döwletleriň hataryna çykaran hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Berdimyrat DURDYÝEW,
Tejen etrap polisiýa bölüminiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.