BERGAMO, ITALY - FEBRUARY 10: Jeremie Boga of Atalanta BC scores his goal during the Coppa Italia match between Atalanta BC and ACF Fiorentina at Gewiss Stadium on February 10, 2022 in Bergamo, Italy. (Photo by Emilio Andreoli/Getty Images)

Ýanwar aýynda Sassuolodan Atalanta toparyna kärendesine geçen kot-d’iwuarly goragçy Žeremi Boga Serie A-da taryhy netije görkezdi. 25 ýaşyndaky ýarymgoragçy Serie A-da 100 duşuşyk geçirip, ol bir gezek hem sary kart almady. Bu bolsa Serie A-da her ýeňşe 3 utuk berlip başlanyndan bäri (1994/95 möwsümi) ilkinji 100 oýunda sary kart almadyk ilkinji futbolçy diýmekdir. Çelsiniň akademiýasynda futbola başlan Boga Renn, Granada, Birmingem ýaly klublarda oýnanyndan soň 2018-nji ýylda Sassuolo transfer bolupdy. Ol Sassuoloda 99 duşuşykda 18 gol geçirdi.