Siz haý­sy oý­na­wa­jy ha­la­ýar­sy­ňyz?!

4

Ki­çi­jik ulag­lar. Iň gy­zyk­ly oý­na­waç­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýan «Hot Wheels» bren­di ki­çi­jik aw­tou­lag­la­ryň jem­le­nen top­lu­my­dyr. 1968-nji ýyl­da ame­ri­ka­ly işe­wür El­li­ot Hand­ler ta­ra­pyn­dan oý­la­nyp ta­py­lan oý­na­waç top­lu­my­nyň dü­zü­mi­ne
6 mil­liard­dan gow­rak aw­tou­lag gir­ýär.
5-15 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nen ki­çi­jik ulag­lar dün­ýä­de iň köp sa­tyn alyn­ýan oý­na­waç­la­ryň bi­ri­dir. Bu oý­na­wa­jyň sö­kü­lip-dü­zül­ýän, me­tal­dan we plast­mas­sa­dan ýa­sa­lan ýa­ryş ulag­la­ry, mo­to­sik­let, ýük ulag­la­ry ýa­ly dür­li gör­nüş­le­ri bar.
Bar­bi. 1959-njy ýyl­dan bä­ri ön­dü­ri­lip ge­lin­ýän Bar­bi gur­jak­la­ry gyz­ja­gaz­la­ryň iň eý gör­ýän oý­na­waç­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ame­ri­ka­ly işe­wür ze­nan Rut Hand­ler ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len bu gur­jak­lar Ger­ma­ni­ýa­da sa­tyl­ýan «Bild Lil­li» gur­ja­gyn­dan yl­ham al­nyp ýa­sa­lyp­dyr. Bar­bi gur­ja­gy­nyň esa­syn­da bir­nä­çe wi­deo oýun­la­ry, ani­ma­si­ýa film­i taý­ýar­la­n­dy. Bar­bi we onuň dos­ty Ken dün­ýä­de iň meş­hur iki gur­jak hök­mün­de hä­si­ýet­len­di­ril­ýär. Bar­bi­niň özü­ne de­giş­li es­bap­la­ry, egin-eşik­le­ri we bir­nä­çe jo­ra­sy bar.
LE­GO gy­zyk­ly hem-de peý­da­ly oý­na­waç­la­ryň bi­ri­dir. Bu oý­na­waç sö­kü­lip-dü­zül­ýän bir­nä­çe plast­mas­sa bö­le­jik­ler­den yba­rat bo­lup, ki­çi­jik bö­le­jik­ler­den jaý, pi­ra­mi­da we dür­li şe­kil­le­ri dü­züp bol­ýar. 1949-njy ýyl­da «gurluşyk ker­piç­le­ri­ni» ön­dü­rip baş­lan LE­GO dün­ýä­niň iň uly oý­na­waç kom­pa­ni­ýa­sy­na öw­rül­ýär. Bu kom­pa­ni­ýa her ýyl 36-60 mil­liard tö­we­re­gi oý­na­waç bö­lek­le­ri­ni we şaý­la­ry­ny öndürýär. LE­GO «ki­çi­jik gur­lu­şyk­çy­la­ryň» ara­syn­da ýa­ryş­lar­dyr dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri­ni hem ge­çir­ýär. Bu oý­na­waç bren­di­niň çä­gin­de bir­nä­çe film, oýun we 8 sa­ny «Le­go­land» dynç alyş se­ýil­gä­hi dö­re­dil­di.
Slin­ki. 1943-nji ýyl­da ame­ri­kan in­že­ner-me­ha­ni­gi Ri­çard Jeýms ta­ra­pyn­dan oý­la­nyp ta­py­lan älem­go­şar pru­žin­jik iň köp is­leg bil­di­ril­ýän oý­na­waç­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ri­çard har­by-de­ňiz güýç­le­rin­de gul­luk ed­ýän döw­ri pru­žin­ler­de tej­ri­be-sy­nag iş­le­ri­ni ge­çi­rip­dir. Sy­nag­la­ryň bi­rin­de ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da pru­žin­le­riň bi­ri onuň elin­den ga­çyp, emaý bi­len «ýö­räp» baş­lap­dyr. Bu ýag­da­ýa geň ga­lan Ri­çard pru­ži­ni öýü­ne alyp gaý­dyp­dyr we öz açy­şy­ny maş­ga­la­sy bi­len paý­la­şyp­dyr. Oý­lap ta­py­jy pru­ži­ni kä­mil­leş­di­rip, ça­ga oý­na­wa­jy­ny ýa­sa­ma­ly di­ýen ka­ra­ra ge­lip­dir. Pru­žin­ji­giň ahyr­ky gör­nü­şi 98 aý­law­ly bo­lup, be­ýik­li­gi 6,5 san­ti­met­re deň. Şwed di­lin­den ter­ji­me edi­len­de, «ak­gyn­ly, aý­law­ly we geň-ena­ýy» di­ýen ma­ny­ny ber­ýän slin­ki 1945-nji ýyl­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­ýar. Ön­dü­ri­lip baş­la­na­ny­na 80 ýyl tö­we­re­gi wagt ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, slin­ki­niň asyl dur­ky we gör­nü­şi üýt­ge­dil­män­dir.
Mun­dan baş­ga-da, Ru­bi­giň kub­ja­ga­zy, Jen­ga di­ňi, ka­leý­dos­kop, üf­len­ýän kö­pür­jik­ler, te­ke­tom­bo, gob­let, plast­mas­sa bow­ling, pyr­la­waç ýa­ly oý­na­waç­lar wag­ty­ňy peý­da­ly we gy­zyk­ly ge­çir­mek üçin iň gy­zyk­ly güý­men­je­ler ha­sap­lan­ýar.