Slowakiýada çaga dogluş derejesini ýokarlandyrmak we ýaş maşgalalara goldaw bermek maksady bilen giň gerimli döwlet maksatnamasyna badalga berildi. Bu başlangyç çaga dünýä inende maliýe töleglerini, ýaşaýyş jaý subsidiýalaryny we ene-atalar üçin salgyt ýeňilliklerini göz öňünde tutýar.
Hökümet meýilnamasyna görä, ilkinji çaganyň dünýä inen her maşgalasy bir gezekde 5 müň ýewro töleg alar diýip, ýerli metbugatda aýdylýar. Ikinji we ondan soňky çagalaryň dünýä inmegi bilen puluň mukdary köpeler. Şeýle hem, ýeňillikli ipoteka karzlary we uzaldylan dekret ýeňillikleri hem girizilýär.
Slowakiýanyň Zähmet we durmuş meseleleri ministri bu çäreleriň demografik pese gaçyşy azaltmaga we maşgalalaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilendigini aýtdy. Bu maksatnama bäş ýyl üçin niýetlenip, onuň býujeti 90 million ýewrodan geçýär. Hünärmenleriň pikiriçe, hemmetaraplaýyn goldaw diňe bir demografiki ýagdaýy gowulaşdyrman, eýsem ilatyň azalýan sebitlerinde ykdysady işjeňligi ýokarlandyrar.