UEFA Çempionlar Ligasynda 1,5 aýlyk arakesme tamamlanyp, 7-nji duşuşyklara badalga berildi. 7-nji duşuşyklaryň 1-nji agşamynda geçirilen 9 oýunda 32 gol derwezelere girizildi. 3 oýunda myhmanlar ýeňiş gazanyp, 1 duşuşyk deňlikde tamamlandy.
Soňky çempion PSŽ myhmançylykda “Sportingden” 2-1 hasabynda ýeňildi. Gollaryň 3-si hem soňky 16 minutda derwezä girizilip, 74-nji minutda Luis Suares ýer eýelerini öňe saýlady. Bu gola 5 minutdan soň Kwarasheliýa ajaýyp gol bilen jogap berse-de, Luis Suares 90-njy minutda ýene bir gezek toparyny öňe geçirdi.
Gresiýada “Olimpiakos” soňky oýunlaryny şowsuz geçirýän “Baýeri” 1-nji ýarymyň başynda Kostinýanyň, ahyrynda-da Mehdi Tareminiň derwezä girizen gollary esasynda 2-0 hasabynda utdy.
Italiýanyň çempiony “Napoli” üçin Çempionlar Ligasynda şu möwsüm şowsuz ýagdaýda dowam edýär. Myhmançylykda “Kopengagen” bilen duşuşan italýanlar 39-njy minutda ýyldyz oýunçysy MakTomineýiň goly bilen öňe geçse-de, 35-nji minutda bir oýunçy kem galan ýer eýeleri Jordan Larssonyň 72-nji minutdaky goly esasynda hasaby deňledi.
PDF









