Hindistanda tanyşdyrylan “Fire-Boltt Ring Plus” atly “akylly” sagat tanyşdyryldy. Tehniki aýratynlygy we daşky şekili “Apple Watch”-a deňeçer bolan bu goşar sagady bary-ýogy 30 dollardan satuwa çykaryldy. Hindistanda meşhur bolan “akylly” sagatlary öndürýän “Fire-Boltt”-yň täze enjamynyň gök, gyzyl, ak, gülgün we gara reňkli görnüşleri bar.
Ekranynyň ululygy 1,91 dýuým bolup, durulygy 240 x 280 piksel. Dörtbuçluk şekilli sagadyň sag tarapynda, ýokarda açylyp-ýapylyp düwmesi bolan sagat 5 metr çuňluga çenli suw geçirmezlik aýratynlygyna eýe. “Akylly” sagat ýürek urşuňy ölçeýän, uklaýan wagtyňy hasaplaýan we futbol, basketbol, tennis ýaly 100-den gowrak sport we maşk hereketlerini ölçeýän sport mody bar.
Ses gataldyjy we mikrofon ýaly aýratynlygy hem bolan sagady eliňi degirmezden, söz bilen hem dolandyryp bolýar. Şeýle hem sagadyň howanyň ýagdaýyny öňünden duýdurýan aýratynlygy, kamera we aýdym-saz ýaly funksiýalary bar. “Akylly” sagatda iki sany oýun hem bar.
Soňky ýyllarda goşara dakylýan şeýle enjamlaryň sany artyp, olaryň el telefonlary bilen sazlaşykly işlemegi uly islegden peýdalanmagyna getirdi. Şeýle bolansoň, elektron enjamlaryny öndüriji kompaniýalaryň iň geçginli harytlarynyň birine öwrülip, uly girdeji getirýän ugra öwrüldi.
Yhlas Saparow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF









