Şu gün paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligi öz işine başlaýar. Onuň çäklerinde ykdysady forumy, SPECA-nyň Ýolbaşçylar geňeşiniň 20-nji mejlisini, degişli iş toparlarynyň mejlislerini, duşuşyklary we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirildi. Çärelere SPECA maksatnamasyna agza ýurtlaryň, iri guramalaryň ýokary derejeli wekilleri, halkara bilermenler gatnaşýarlar. Hormatly Prezidentimiz SPECA hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän ykdysady foruma gatnaşyjylara Gutlag hatyny ugratdy. Gutlagda Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň belleniljek ýylynda geçirilýän ykdysady forum Türkmenistanyň SPECA agza beýleki döwletler bilen bilelikde sebitde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen maksatlara ýetmek ugrunda yzygiderli tagallalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder. Agza döwletler SPECA-nyň iş gerimini giňeltmegi, ýagny onuň çägine elektron söwda, sanlylaşdyrma, «ýaşyl» ösüş, Hazar sebitinde we onuň çäklerinden daşarda energetika özara baglanyşygy hem-de Ýewraziýa sebitinde ulag baglanyşygy boýunça taslamalary girizmegi goldaýarlar. Türkmenistan SPECA-nyň 2025-nji ýyldaky başlygy hökmünde harytlaryň, hyzmatlaryň, maýa goýumlaryň we innowasiýalaryň netijeli sebit bazaryny döretmäge gönükdirilen teklipleri öňe sürdi diýlip bellenilýär.
SPECA hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän ykdysady foruma gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň bähbidine tagallalary birleşdirmek hem-de parahatçylyk we ynanyşmak dialogyny ilerletmek üçin pikir alşarlar. Şeýle-de hepdeligiň çäklerinde ykdysady forumy, degişli iş toparlarynyň mejlislerini, duşuşyklary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Olaryň dowamynda sebitde ykdysady, energiýa serişdeleri, suw we daşky gurşawy goramak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, energetika, ulag baglanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, BMG-niň standartlaryny ulanmak arkaly sanly söwda-ykdysady geçelgelerini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy dialog üçin ajaýyp platformadyr. Türkmenistan ony pikir alyşmak, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitde howpsuz we durnukly ösüşi pugtalandyrmak, umuman, onuň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin netijeli sebit meýdançasy hökmünde görýär.
Türkmenistan birnäçe durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly halkara taslamalara we maksatnamalara, şol sanda BMG-niň SPECA maksatnamasyna işjeň gatnaşýar. Bu maksatnama 1998-nji ýyldan bäri hereket edýär. Ol Merkezi Aziýada, şol sanda Owganystanda we Azerbaýjanda howpsuz we durnukly ösüşi üpjün etmekde, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda açyk sebit we deňhukukly dialog meýdançasydyr. Bu gatnaşyklar söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin örän möhüm hasaplanýar. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE), Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasy (UNESCAP) SPECA-ny esasy düzüjiler hem-de durmuşa geçirijiler bolup çykyş edýärler.
PDF









