Sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagyň peýdasy hemmä mälimdir. Alymlar sportuň zehine bolan ýene bir täsirini ýüze çykardylar.
London uniwersitetiniň alymlary maşk edilen gününiň ertesi adamyň ýatkeşliginiň gowy bolýandygyny anykladylar. Geçirilen barlagda adatdakydan has köp fiziki hereket eden adamlaryň ýatkeşligi barlandy. Netijede, diňe maşk etmek däl, eýsem, merdiwana münüp-düşmek ýaly ýönekeý hereketleri ýerine ýetirenleriň hem zehininiň durudygy anyklandy. Bilermenler fiziki hereketiň ganyň beýnä barmagyny artdyrýandygy, bu ýagdaýyň fiziki hereketden birnäçe sagat soň hem dowam edýändigini belleýärler. Barlag 50-83 ýaş aralygyndaky meýletinçileriň arasynda geçirilipdir.
Çary ANNANAZAROW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.