Sport bilen meşgullanmak islendik ýaşdaky adamlar üçin hem peýdalydyr. Sportuň diňe beden saglygyna däl, eýsem, ruhy taýdan hem peýdasy uludyr. Hereket etmek kompýuterdir telewizorlaryň öňünde has köp wagt geçirilýän şu döwürde has hem ähmiýetlidir. Lukmanlar her gün azyndan bir sagat hereketde bolmagy maslahat berýärler. Bu ýagdaý beden agzalarynyň kadaly işlemegine we agramyň kadaly bolmagyna ýardam edip, dürli keselleriň öňüni alýar. Sport bilen meşgullanýan adamlaryň özüne bolan ynamy hem ýokary bolýar. Sport ýaramaz endikleriň hem öňüni alýar, wagtdan ýerlikli peýdalanmagy öwredýär.
Köp ýurtda tebigatda has köp wagt geçirmek lukmanlar tarapyndan dürli keselleriň öňüni almak üçin maslahat berilýär. Öz ýaşyňa görä ýöremek, açyk howada gezelenç etmek ruhy taýdan sagdyn bolmaga-da ýardam edýär. Lukmanlar hepdede azyndan dört gün ýörelmelidigini belleýärler. Sagat adamyň sagatda 6 kilometr tizlik bilen ýöremelidigi bellenilýär. Adam şeýle tizlikde hereket edeninde derleýär. Batly ýörelende geýilýän egin-eşige hem üns berilmeli. Eşik derlemäge päsgelçilik bermeli däl, emma daşky howa şertlerinden hem goraýan bolmaly. Sowuk howada ýörelende has ünsli hereket edilmeli.
Röwşen KUWADOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.