Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tagallalarynda sport syýasaty möhüm orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzda bina edilip, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlar, sport mekdepleri we sport desgalary ýaş türgenleriň uly toparynyň kemala gelmegine ýardam etdi. Indi olar ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterýärler.
Ýurdumyzda bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, milli ýygyndy toparlarymyzy Olimpiýa oýunlaryna we halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda ýokary derejede geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy. Bu ýaryşyň jemleri boýunça Türkmenistanyň «Galkan» hokkeý topary birinji orna mynasyp boldy.
2024-nji ýylyň ilkinji dört aýynda ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlarda jemi 114, şol sanda 37 altyn, 39 kümüş, 38 bürünç medala mynasyp boldular. Hormatly Prezidentimiziň adyndan halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere sylaglar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň türgenleri şu ýylyň tomsunda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanmak ugrunda hem iri sport ýaryşlaryna gatnaşyp, uly üstünlikler gazanýarlar. Şeýle ugurlaryň biri hem agyr atletika bolup, bu ugurda türkmen türgenlerinden Dawranbek Hasanbaýewiň Tailandyň Phuket şäherinde agyr atletika boýunça dünýä kubogynda görkezen netijesi bilen yklymyň iri sport ýaryşyna gatnaşmaga mümkinçilik alandygyny buýsançly bellemek bolar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiz özüniň taryhyndaky Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji medalyny agyr atletika sportundan gazanypdy.
Şeýle hem ýurdumyzda sportuň fijital futbol (physical+digital) we fijital basketbol 3×3 ýaly sanly sport görnüşleri hem ösdürilýär. Bilşimiz ýaly, Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň halkara sport hyzmatdaşlygynyň iri merkezleriniň birine öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde Halkara Olimpiýa komiteti, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça hökümetara halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen parahatçylygyň we ynsanperwerligiň pugtalandyrylmagy ugrundaky ýola goýlan gatnaşyklar barha giň gerim alýar.
Ýarangeldi Çaryýew,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýokanç keseller kafedrasynyň assistenti.
PDF









