Birnäçe awtoulag brendine eýeçilik edýän “Stellantis” kompaniýasy Germaniýanyň Týuringiýa şäherindäki Aýzenah zawodynda maýa goýum goýar. Bu desgada 130 million ýewronyň özleşdirilmegi bilen elektroulag önümçiligi artdyrylar. Häzirki wagtda zawodda “Stellantis” toparyna degişli bolan “Opel”-iň “Grandland” modeli öndürilýär. Goşmaça maýa goýum bu ýerde “STLA Medium” platformasynda batareýaly elektroulag öndürilmegine mümkinçilik berer.
Täze modeliň 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda önümçiligine başlanmagyna garaşylýar. “Opel” 2028-nji ýyla çenli Ýewropada diňe elektrik energiýasy bilen işleýän ulag satmagy maksat edinýär. Kompaniýanyň ýolbaşçylary täze maýa goýumyň ulaglaryň özüne düşýän bahasyny arzanlatmaga we hilini ýokarlandyrmaga ýardam eder.
1992-nji ýylda açylan Aýzenah zawodynda ilki “Opel Astra”-nyň önümçiligi ýola goýlupdy. Geçen ýyl 30 ýyllygyny bellän zawodda geçen döwürde 3,7 million ulag öndürilipdir.
Saparmyrat Ýegenbaýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
PDF









