Germaniýanyň “David Chipperfield Architects” binagärlik studiýasy ýerli “Sweco Architects” studiýasy bilen bilelikde Stokgolmdaky Nobel merkeziniň taslamasyny hödürledi. “Dezeen” neşiriniň habaryna görä, binanyň Sedermalm adasynyň kenarynda gurulmagy meýilleşdirilýär.
Taslama laýyklykda, binada ylym, edebiýat we parahatçylyk ugurlary boýunça Nobel baýragynyň eýeleriniň taryhyny hem-de gazanan üstünliklerini görkezýän sergiler, dürli çäreler, leksiýalar we maslahatlar üçin niýetlenen otaglar ýerleşer.
Umumy meýdany 13 müň inedördül metr bolan binanyň gurluşygyna 2027-nji ýylda başlamak we 2031-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Nobel merkeziniň gurluşygynda esasan agaç ulanylar, binanyň daşky tarapy bolsa, gyzyl kerpiç bilen örtüler. Beýle gurluşyk serişdesiniň saýlanmagy tötänleýin däl. Kerpiç asyrlar boýy Stokgolmyň binagärliginiň häsiýetli aýratynlygy bolup gelipdir. Gyzyl reňk şäheriň ratuşasy ýaly, nusgawy kerpiçli binalarynda duş gelýär.
Binanyň birinji gatynda eýwan (foýe), dükan we restoran ýerleşer we olar suw manzarly açyk terrasa çykar. Kenardaky gezelenç ýoly ýörite ugur emele getirer. Ol ýakynda ýerleşýän sergileriň we ussatlyk sapaklarynyň geçirilýän Fotografika muzeýini (Fotografiska) we Stokgolmyň şäher muzeýini (Stadsmuseet) birleşdirer.
Nobel merkeziniň taslamasy Erling-Persson we Knut hem-de Alisa Wallenberg gaznalary tarapyndan maliýeleşdiriler. Olar bu taslama üçin jemi 2,3 milliard şwed kronyny bölüp bererler. Taslamanyň umumy bahasy 2,5 milliard kron ($271 million) diýlip bahalandyrylýar, galan serişdeleri Nobel gaznasynyň özi üpjün eder.
Täze muzeýe gelýänler leksiýalary diňläp, sergilere aýlanyp, dürli söhbetdeşliklere we medeni çärelere gatnaşyp bilerler. Nobel gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Hanna Stýerneniň aýtmagyna görä, bu ýer ylmyň, edebiýatyň we parahatçylygyň öýi, Nobel baýraklarynyň güýjüni alamatlandyrýan merkez, şeýle hem diňe bir häzirki däl, eýsem geljekki nesiller üçin hem ylham çeşmesi bolar.
PDF









