Strategik hyzmatdaşlyk ýola goýuldy

5

20-nji maýda Rimde geçirilen ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde, iki ýurduň arasynda Aýratyn strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga gol çekildi. Şunuň bilen birlikde, taraplar 2027-nji ýyly Italiýa-Hindistan medeniýet ýyly diýip yglan etdiler.
Saparyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen jemi ýedi sany möhüm resminama kabul edildi. Olaryň hatarynda goranmak senagaty boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky bilelikdäki maksatnama, möhüm ähmiýetli gazylyp alynýan peýdaly zatlary ulanmak baradaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, şeýle hem oba hojalygy, deňiz gatnawlary we port ulgamlaryny ösdürmek boýunça ylalaşyklar bar. Mundan başga-da, taraplar medeni miras binalaryny ösdürmek, maliýe gözegçiligi edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de Hindistandan Italiýa lukmançylyk işgärleriniň zähmet migrasiýasyny ýeňilleşdirmek baradaky resminamalara gol çekdiler.
Gepleşikleriň dowamynda liderler halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine aýratyn üns berdiler. Resmi duşuşyklaryň çäklerinde Hindistanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň nyşany hökmünde Rimdäki “Willa Pamfili” seýilgähinde tut agajyny ekdi. Şeýle hem, saparyň jemleri boýunça Narendra Modä azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde we oba hojalygyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) ýokary sylagy – Oba hojalyk medaly gowşuryldy.
Hünärmenleriň bellemegine görä, soňky ýyllarda iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasyndaky ynamly we ýakyn gatnaşyklar, şol sanda sanly ulgamdaky işjeňlik Italiýa bilen Hindistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze taryhy tapgyra gadam basmagyna uly ýardam etdi.