Dünýäniň iň gowy görülýän milli ligasy bolan Angliýanyň “Premier Ligasynyň” täze möwsümi şu gije çempion “Arsenal” bilen “Kowentri Sitiniň” arasyndaky duşuşyk bilen başlanar (00:00). Bu möwsüm “Premier Liganyň” 35-nji, umumylykda iňlis futbolynyň iň ýokary ligasynyň 128-nji möwsümi bolar.

Soňky 10 ýylda Guardiolasyz ilkinji möwsüm

“Premier Liga” soňky 10 ýylda möwsüme ilkinji gezek Pep Guardiolsyz başlar. Ispaniýaly hünärmen “Mançester Sitidäki” wezipesini taşlapdy, has takygy, täze şertnama baglaşmandy. APL-de täze möwsüme 9 klub tälimçi çalşygy bilen başlar. Ýagny 9 topar geçen möwsümdäki tälimçileri bilen başlamaz. Tälimçi çalşan klublaryň sany mundan öň 9-a ýetmändi.

17 tälimçi daşary ýurtdan

Häzirki wagtda 20 klubuň 17-siniň tälimçisi daşary ýurtly hünärmenler bolup, diňe 3 topara iňlisler tälim berýär (Frank Lampard, Gari O’Nil, Maýkl Kerrik). Daşary ýurtly 17 tälimçiniň 5-si Ispaniýadan, 4-si Germaniýadan, 2-si Italiýadan, 2-si Fransiýadan bolup, Bosniýadan, Irlandiýadan, Şotlandiýadan hem-de Awstriýadan 1 tälimçi wekilçilik edýär.

Täze gelenler

Frank Lampardyň tälimçligindäki “Kowentri Siti” 25 ýyldan soň “Premier Liga” gaýdyp geldi. “Ipswiç Tawn” 1 ýyllyk arakesmeden soň ýene ýokary liga dolanan bolsa, “Hall Siti” 8 ýyldan soň “Premier Ligada” çykyş eder. Geçen möwsümiň ahyrynda “West Hamyň” 14, “Wulwerhemptonyň 8 ýyldan soň 2-nji liga düşmegi bilen Angliýanyň iň uly ligasynda, ýagny 1888-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ady “W” harpy bilen başlaýan topar çykyş etmez (“Wulwerhempton”, “West Ham”, “West Bromwiç”, “Watford”, “Wigan”, “Wimbledon”). Täze möwsümde VAR bilen baglanyşykly kiçeňräk täzelikler hem giriziler.

Çempionatyň ady Angliýanyň “Premier Ligasy” hem bolsa, klublaryň eýelerine seredeniňde ABŞ-nyň ligasyny ýadyňa salýar. 20 klubuň 11-si amerikan işewürleriniň eýeçiligindedir. 4 klubuň eýesi angliýaly bolup, 5 klubuň eýesi-de saud arabystanyly, BAE-li, gresiýaly, türkiýeli, uelsli işewürlerdir.

ARSENAL. Mikel Artetanyň tälimçiligindäki “Arsenal” çempionlygyň birinji derejeli dalaşgäri hasaplanýar. Möwsüme Super Kubogynyň ýeňşi bilen başlaýan “Arsenal” Trossardy, Norgory ugradyp, Ilan Melieni, Krists Solisi hem-de Bruno Gimaraýesi düzümine goşdy. Çempionlygyny goramak isleýän “Arsenal” Çempionlar Ligasynda geçen möwsümdäki finalyň öwezini ýeňiş bilen dolmak isleýär.

LIWERPUL. Arne Sloty wezipesinden boşadyp, ornuna Andoni Iraloany tälimçilige bellän “Liwerpuldan” Konate, Salah, Robertson dagy giden oýunçylar boldy. Žeremi Jake bilen Wiktor Munýosy transfer eden Liwerpul Isak, Ekitike, Mak Allister, Wirts, Soboslai, Wan Deýk, Frimpong, Gakpo ýaly ýyldyzlaryna bil baglaýar.

MANÇESTER SITI. Iňlis futbolynyň soňky 10 ýylynda uly yz galdyran Pep Guardiolasyz ilkinji möwsüminde çempionlyga garaşýanlaryň sany ozalkylardan azrak hasaplanýar. Enzo Mareskany tälimçilige bellän “Mançester Sitiniň” esasy oýunçysy Rodri “Barselona” transfer boldy. Onuň ornuna Elliot Andersona dünýäniň puluny tölän “Mançester Siti” toparyndan Bernardo Silwa, Ake, Jon Stounz, Tiýani Reýnders ýaly oýunçlar hem başga klublara geçdi. Hollan, Doku, Foden, Gwardiol, Şerki, Semenýo, Marmuş, Gehi, Husanow dagy janköýerleriň esasy bil baglaýan oýunçylary bolar.

MANÇESTER ÝUNAÝTED. Maýkl Kerrigiň tälimçiliginde geçen möwsümi öňdäki 4-lükde tamamlan “Mançester Ýunaýted” hem çempionlygyň dalaşgärleriniň biri diýlip görkezilýär. Andreý Santosy, Ýuri Tilemansy transfer eden “Mançester Ýunaýtedden” Kazemiro başga topara giden esasy oýunçy boldy.

ÇELSI. Habi Alonsony wezipä bellän “Çelsi” ýene-de transfer möwsüminiň iň köp alyş-çalyş eden kluby bolmagyny dowam edýär. Rojers, Emegha, Palestra, Welbek, Henderson ýaly jemi 10 futbolçyny düzümine goşan “Çelsiden” Kukurelýa, Çalobah, Andreý Santos dagy başga toparlara geçdi. Ýene-de birnäçe futbolçysyny başga klublara ugratmagyna garaşylýan “Çelsi” täze tälimçisine hem-de düzümindäki käbir ýyldyz oýunçylaryna bile baglaýar.

TOTTENHAM. Soňky 2 möwsümde kynlyk bilen ligada galmagy başaran “Tottenham” topary transferiň iň işjeň klublarynyň biri bolmagyny dowam edýär. Tonalini 100, Mateuş Fernandeşi 85, Ýan Pol wan Hekeni 52 million funt sterlinge transfer eden londonlylar täze möwsüme italiýaly hünärmen Roberto De Zerbiniň tälimçiliginde berk taýýarlyk görýär. Topar Dubrawka, Endi Robertson, Marko Senesi ýaly oýunçylary hem düzümine goşup, Luka Wuşkowiçi, Kristian Romerony, Džed Spensi başga toparlara ugratdy.

ASTON WILLA. Ussat tälimçi Unaý Emeriniň tälimçiliginde geçen möwsümde Ýewropa Ligasynyň çempionlygyny gazanan birmingemliler şu tomusda ençeme ýyldyzyny saklap bilmedi. Rojers, Tilemans, Din ýaly futbolçylar başga toparlara geçip, Manzambi, Suzuki, Ruggeri, Žoao Gomes, Garnaço toparyň täze oýunçylary boldy.