Şu möwsümde 2-nji gezek finalda duşuşarlar

89

Angliýanyň FA Kubogy ýaryşynda finala çykan toparlar belli boldy. Londondaky “Wembley” stadionynda oýnalan ýarym final duşuşyklaryndan soň Liwerpul bilen Çelsi finalda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Liwerpul ýarym finalda Mançester Sitini 3-2 hasabynda ýeňdi. Gollarynyň 3-sini hem birinji ýarymda geçiren Liwerpulyň adyndan Ibrahima Konate (9) bilen Sadio Mane (17, 45) tapawutlandy. 2-nji ýarymdaky Jek Griliş bilen Bernardo Silwanyň gollary Mançester Sitä ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. Şeýlelikde, Liwerpul 15-nji gezek finalda çykyş eder. Olar mundan ozal 7 gezek kubogy eýeläp, 7 sapar hem finalda utuldylar. Soňky gezek 2006-njy ýylda kubogy eýelän Liwerpula 2012-nji ýyldan bäri-de finala çykmak başardanokdy.

Çelsi ýarym finalda Londonyň başga bir topary Kristal Palas bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda Çelsi Loftus-Çik (65) hem-de Meýson Mauntyň (76) gollary bilen 2-0 ýeňiş gazanyp, bassyr 3-nji, umumylykda-da 16-njy gezek finala çykdy. Soňky 6 ýylda 5-nji sapar finala adyny ýazdyran Çelsi kubogy 8 gezek asmana göterdi.

Liwerpul bilen Çelsiniň arasyndaky final duşuşygy 14-nji maýda Wembley-de oýnalar. Bu olaryň şu möwsümdäki 2-nji finaly bolup, Liga Kubogynyň finalynda Liwerpul golsuz geçen oýundan soň penaltileriň netijesinde ýeňipdi.

Liwerpul bilen Çelsi FA Kubogynyň finalynda mundan öň 2012-nji ýylda duşuşyp, şonda-da Çelsi 2-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.