Mü­sür hal­ka­ra söw­da gat­na­wy­nyň esa­sy ýol­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Su­es ka­na­ly­ny gi­ňelt­mek bi­len bag­ly tas­la­ma­nyň ta­mam­la­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Su­es ka­na­ly eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Usa­me Re­bi ka­na­ly gi­ňelt­mä­ge de­giş­li tas­la­ma­nyň ta­mam­la­nan­dy­gy­ny, mu­nuň hal­ka­ra söw­da gat­na­wy­na go­şant goş­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Re­bi ka­nal­dan gün­de­lik geç­ýän gä­mi­le­riň sa­ny­nyň 6-8 ara­ly­gyn­da ar­tan­dy­gy­ny bel­le­di. Bu tas­la­ma­nyň glo­bal söw­da üçin de­ňiz gat­na­wyn­da iň ýo­ka­ry howp­suz­lyk de­re­je­si­ne ýet­mek we gat­naw­da­ky tä­ze ösüş­le­re jo­gap ber­mek mak­sa­dy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ri­len­di­gi bel­le­nil­di. Mü­sür 2021-nji ýyl­da ka­na­lyň gü­nor­ta bö­le­gi­ni gi­ňelt­mek ba­ra­da ka­rar ka­bul edip­di. Tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de ka­na­lyň kä­bir ýer­le­rin­de ugurdaş ka­nal­lar gu­rul­dy, köp ýe­ri çuň­laş­dy­ryl­dy hem-de gi­ňel­dil­di.

Jahan Myradowa,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.