Dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalary soňky 3 aýdaky girdejileri barada maglumat ýaýratdy. Tehnologiýa ägirtleriniň girdejileri bilermenleriň çaklamalaryndan ýokary boldy. «Alphabet» kompaniýasynyň girdejisi ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwründäkiden 22% ýokarlanyp, 109,9 milliard amerikan dollara ýetipdir. Geçen ýylyň degişli döwründe 90,2 milliard dollar girdeji gazanan «Alphabeti»-iň arassa peýdasy bolsa, 81% ýokarlanyp, 62,6 milliard dollara ýetdi.
Elektron söwda bilen meşgullanýan «Amazon» kompaniýasynyň satuwy 17% artyp, 181,5 milliard dollara ýetdi. Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 155,7 milliard dollar bolupdyr. Netijede, kompaniýanyň arassa peýdasy 77% artyp, 30,3 milliard dollara ýetdi.
«Facebook», «Instagram» we «WhatsApp» ýaly platformalara eýeçilik edýän «Meta» kompaniýasynyň girdejisi ýylyň üç aýynda 33% artyp, 56,3 milliard dollara ýetipdir. 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde bu görkeziji 42,3 milliard dollar bolupdyr. Kompaniýanyň arassa peýdasy geçen ýylyň birinji çärýeginde 16,6 milliard dollar bolan bolsa, bu ýylyň başynda 61% ýokarlanyp, 26,8 milliard dollara ýetipdir.
Programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan «Microsoft» kompaniýasynyň girdejisi 18% artyp, 82,9 milliard dollara ýetdi. Geçen ýylyň agzalan döwründe 70,1 milliard dollar girdeji hasaba alnypdyr.
PDF









