“F” toparçada Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň Dünýä Kubogyna gatnaşmak mümkinçiligi soňky minutlarda geçirden goly esasynda noýabr aýyna galdy. Portugaliýanyň milli topary öz meýdançasyna 3 gün öň Irlandiýany 1-0 hasabynda ýeňipdi. Ronaldonyň 11 metrlik jerime urgusyny dürs urup bilmedik oýnunda portugallara ýeňiş getiren goluny 90+3-nji minutda Ruben Neweş geçiripdi. Portugaliýanyň ýygyndysy 2-nji duşuşygynda Wengriýany kabul etdi. Oýunda myhmanlar Şallainiň 8-nji minutdaky goly bilen hasaby açsa-da, ýer eýeleri Kristiano Ronaldonyň 22-nji we 45+3-nji minutlardaky gollary esasynda öňe saýlandy. Ýöne 90+1-nji minutda Soboslai hasaby deňläp, portugallaryň Dünýä Kubogyna gatnaşmak mümkinçiligini indiki aýa süýşürdi. Portugaliýanyň ýygyndysyna galan 2 oýunda 2 utuk ýeterlik bolar.
Şeýle-de, Ronaldonyň Dünýä Kubogynyň saýlama oýunlarynda geçiren gollarynyň sany 41-e ýetip, ol bu sanawda 1-nji orna beýgeldi. Ronaldo 39 gol geçiren gwatemalaly Karlos Ruiziň 9 ýyllyk rekordyny täzeledi. Ýeri gelende bellesek, Ronaldo Ýewropa çempionatynyň saýlama oýunlarynyň hem iň köp gol geçiren futbolçysydyr. Ronaldonyň milli topardaky gollarynyň sany 143, tutuş karýerasy boýunça-da 948-e ýetdi.