Şu ýylyň güýzünde Russiýanyň paýtagty Moskwada ilkinji sürüjisiz tramwaýlar yzygiderli gatnap başlar. Bu barada şäheriň ulag departamenti habar berýär.
Innowasiýa ulaglaryny işe girizmegiň üçünji, ahyrky tapgyrynyň bir bölegi hökmünde, tramwaý Strogino ugry boýunça dolulygyna özbaşdak tertipde hereket eder. Departamentde hereket döwründe kabinada ýa-da salonda herekete gözegçilik etmek we beýleki işleri ýerine ýetirmek üçin bir işgäriň boljakdygy habar berildi.
Moskwanyň häkiminiň ulag we senagat boýunça orunbasary Maksim Liksutowyň pikiriçe, bu üýtgeşik taslamadyr. Şu wagta çenli dünýäniň hiç bir şäheri bu görnüşli ulagdan peýdalanýan adamlary yzygiderli daşamagy ýola goýmady. Moskwanyň häkimligine degişli bolan bu tehnologiýa häzirki wagtda synagdan geçirilýär.