Internet älemindäki maglumatyň artmagy netijesinde maglumat merkezlerine bolan isleg hem ýokarlanýar. Bu bolsa, maglumatlary saklamak üçin merkezleriň artmagyna getirdi. Maglumat saklaýjy desgalaryň gyzýandygy sebäpli olary yzygiderli sowatmaly bolýar. Bu ýagdaý has köp energiýa talap edýär. Munuň öňüni almak üçin maglumat merkezleri sowuk ýerlerde gurulýar. Soňky ýyllarda deňizlerde hem maglumat merkezleri gurulýar. Şeýle usul bu desgalarda energiýanyň sarp edilişini görnetin azaldýar. «Panthalassa» startapy suwasty maglumat merkezleri üçin täze çözgütleri işläp taýýarlaýar. Bu tehnologiýa suwasty maglumat merkezi üçin gerek bolan elektrik energiýasyny tolkunyň hereketinden almagy göz öňünde tutýar. Taslama desga üçin gerek bolan elektrik energiýasyny uzak aralykdan getirmek zerurlygyny aradan aýyrýar.
«Ocean-3» atly taslamanyň çäklerinde suwuň ýüzünde durýan maglumat merkezleri işlenip taýýarlanýar. Netijede, adatdakylardan has az çykdajyly maglumat merkezleri gurlar.
Ilkinji «Ocean-3» şu ýylyň dowamynda Ýuwaş ummanyň demirgazygynda işe giriziler.
PDF









