Şweýsariýada migrasiýa çäklendirmesi ret edildi

1

Şweýsariýada geçirilen ählihalk referendumynda ýurduň raýatlary ilatyň sanyny 10 million adamdan geçirmezlik we munuň bilen baglylykda immigrasiýany çäklendirmek baradaky başlangyjy goldamadylar. Federal hökümetiň deslapky maglumatlaryna görä, saýlawçylaryň, takmynan, 55 göterimi bu teklibe garşy ses berdi, ählihalk sese berişlige gatnaşyk bolsa 57 göterimden geçdi. Ýurduň iň iri syýasy güýji bolan sagçy-populistik Şweýsariýa halk partiýasy (SVP) tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç eger kabul edilen ýagdaýynda, hökümet 2050-nji ýyla çenli migrasiýa akymyny düýpli azaltmaga mejbur bolardy.
Ýurduň işewürler jemgyýetçiligi we federal häkimiýetler bu taslamanyň Şweýsariýanyň Ýewropa Bileleşigi bilen iňňän möhüm ykdysady we medeni gatnaşyklaryna zeper ýetirip biljekdigini duýdurdylar. “Şweýsariýanyň Breksiti” diýlip atlandyrylan bu başlangyç, esasan, saglygy goraýyş, maliýe, farmasewtika we ýokary tehnologiýalar ýaly pudaklarda daşary ýurtly hünärmenleriň akymyny duruzmagy göz öňünde tutýardy. Taslamany goldanlar ilat sanynyň çalt artmagynyň ýurduň düzümine, ýaşaýyş jaý şertlerine we durmuş üpjünçiligine agram salýandygyny öňe süren hem bolsalar, saýlawçylaryň köpüsi daşary ýurtly işçi güýjüniň ýurduň ykdysadyýeti üçin zerurdygyny goldady.
Şol bir wagtyň özünde, geçirilen bu ählihalk sese berişliginde şweýsariýaly saýlawçylar raýat gullugy baradaky kanuna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky başga bir kanun taslamasyny bolsa doly goldadylar.