Dünýäde iň güýçli şemallar Grenlandiýanyň üstünden öwüsýär, olaryň tizligi sagatda 400 kilometre ýetýär. Bu barada Russiýanyň Perm milli ylmy barlag politehniki uniwersitetiniň “Umumy fizika” kafedrasynyň müdiri Wiktor Kriştopa salgylanýan TASS habar berdi.
Alymyň sözlerine görä, Ýerde iň ýokary tizlikli ýeller stratosferanyň aşaky gatlaklarynda – 9-12 kilometr töweregi beýiklikde hasaba alynýar.
Iki gapma-garşy howa akymy – sowuk arktiki howa hem-de umman akymy bilen gelýän maýyl howa Demirgazyk Atlantikanyň üstündäki sebitde çaknyşýarlar. “Howanyň derejesi näçe üýtgäp dursa, howanyň tizligi hem şonça ýokary bolýar. Hut Grenlandiýanyň üstünde ol iň ýokary derejä çykýar, ýagny howa akymy 350-400 km/sagada ýetýär” diýip, russiýaly alym nygtady. Onuň sözlerine görä, howa gämileriniň uçarmanlary şeýle howa akymlaryny ýangyjy tygşytlamak üçin yzygiderli peýdalanýarlar.
PDF









