Tebigat müňlerçe ýyllardan bäri täsin janly-jandarlary bilen adamlary haýran galdyryp gelýär. Göräýmäge, jandarlaryň ählisi bize tanyş ýaly. Emma şeýle-de bolsa, dünýäniň dürli ýerinde bize mälim bolmadyk täsin jandarlaryň ýüzlerçesine duş gelmek bolýar. Şeýle jandarlaryň biri hem «takin» diýlip atlandyrylýan «Budorcas taxicolor» hasaplanýar.
Gimalaý daglarynda ýaşaýan goşa toýnakly bu jandar göwresiniň ululygyndan çen tutsaň sygra, daşky görnüşine seretseň geçä meňzeýär. 1000 metrden 4500 metre çenli belentliklerde ýaşaýan bu jandar 150 töweregi ösümlik görnüşini iýýär. Aşa sowukda bolsa agaçlaryň gabygyny goparyp iýip, oňňut edýär. Kiçijik şahly, alkymynda geçiniňkä meňzeş sakgaly bolan takin Tibetiň gündogarynda, Butanda, Assamyň we Birmanyň demirgazygynda hem-de Hytaýyň günorta böleginde duş gelýär.
16-18 ýyla çenli ýaşaýan «äpet geçiler» dagyň dik gaýalarynda hem ýykylman, otlap bilýärler. Boýy 70-140 santimetre, agramy 150-350 kilograma çenli ýetýän takinler süri bolup gezýärler. Her sürüde 20 töweregi agzasy bolan bu jandarlar garranynda ýekelikde ýaşaýarlar. Takinler boýy ýetmeýän agaçlaryň ýapragyny iýmek üçin edil geçiler ýaly iki aýagyna galyp bilýärler.
Subtropik tokaýlarda mesgen tutan takinleriň sanynyň häzirki wagtda 5 müňden geçmeýändigi bellenilýär. Tebigaty goramagyň halkara bileleşigi (IUCN) tarapyndan ýitip gitmek howpy abanýan jandarlaryň sanawyna girizilen takin haýwanat baglarydyr goraghanalarda hem saklanylýar. Altynsow reňkli «äpet geçiler» Butanyň milli jandary hasaplanýar.