Şypahana hyzmatlary kämilleşdirilýär

14
Archman shypahasy kurort

Diýarymyzyň şypahanalarynda halkymyzyň döwrebap dynç almagy, saglygyny berkitmegi üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda şypahanalarda dynç alşy guramak boýunça işler gyzgalaňly alnyp barylýar we şypahana hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen döredilen şypahanalarda tebigy baýlyklarymyz bejeriş işinde giňden ulanylyp, öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar hem-de şypahana hyzmatynyň hili we elýeterliligi ýokarlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary esasynda şypahanalaryň maddy-enjamlaýyn binýady Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyklykda has-da berkidilýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, etrap merkezlerinde, şäherçelerde, oba ýerlerinde döwrebap, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary gurulýar, ozaldan hereket edýänleri döwrebaplaşdyrylyp, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. Ýokary hilli innowasion lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen şypahanalarda toplumlaýyn saglygy dikeldiş-bejeriş usullary ulanylýar, ýurdumyzyň ilatyna we daşary ýurt raýatlaryna ýöriteleşdirilen şypahana hyzmatlary ýerine ýetirilýär.
Bu barada 3-nji iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow ýurdumyzyň şypahanalarynda dynç alşy guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.