Taryhy-medeni ýadygärliklerde ylmy-barlag we rejeleýiş işleri geçirildi

15

Ýurdumyzda medeni mirasymyzy öwrenmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek, olary ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Degişli maksatnama laýyklykda, şu ýylyň ýaz möwsüminde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde ylmy-barlag we rejeleýiş işleriniň nobatdaky tapgyry amala aşyryldy. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki zaman tehnologiýalary arkaly daşary ýurtly alymlar bilen bilelikde Diýarymyzyň taryhy ýadygärlikleriniň sanly binýadyny düzmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.
Ýaşlaryň arasynda taryhy ýadygärlikleri wagyz etmek boýunça işleriň çäklerinde Balkan welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň dowamynda arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan orta asyr metjidiniň binagärlik bezeglerini öwrenmäge bagyşlanan ýörite okuw maslahaty geçirildi. Şeýle hem «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet okuw maslahaty guraldy.
Bu barada 3-nji iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.