Okt­ýabr aýyn­da Is­pa­ni­ýa­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da al­ýan gir­de­ji­si ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 48 gö­te­rim ar­typ, 8 mil­liard 296 mil­li­on ýew­ro bo­lup­dyr. Ýew­ro­pa­nyň gü­neş­li ýur­dy pan­de­mi­ýa­dan ozal – 2019-njy ýy­lyň okt­ýab­ryn­da 8 mil­liard 367 mil­li­on ýew­ro gir­de­ji ga­za­nyp­dyr. Bu aý­da ýur­da gel­ýän her bir sy­ýa­hat­çy or­ta­ça 1,156 ýew­ro sarp edip­dir. Bu gör­ke­zi­ji 2019-njy ýyl­da­ky­dan 6,2 gö­te­rim ýo­ka­ry bo­lup­dyr. Her bir sy­ýa­hat­çy gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da 168 ýew­ro sarp edip­dir. Bu gör­ke­zi­ji pan­de­mi­ýa­dan ozal­ky dö­wür­dä­ki­den 20 gö­te­rim ýo­ka­ry bo­lup­dyr.
Ýur­duň 10 aý­lyk dö­wür­de bu pu­dak­dan alan gir­de­ji­si 177 gö­te­rim ar­typ, 76 mil­liard 433 mil­li­on ýew­ro bo­lup­dyr. 2019-njy ýyl­da ýurt 82 mil­liard 197 mil­li­on ýew­ro ga­za­nyp­dyr. Bu bol­sa, şu ýy­lyň il­kin­ji on aýyn­da 2019-njy ýyl­da­ky gir­de­ji­niň 93 gö­te­ri­mi­niň ga­za­ny­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Is­pa­ni­ýa­nyň iň köp sy­ýa­hat­çy ka­bul ed­ýän ýurt­la­ry­nyň ba­şyn­da Ang­li­ýa, Ger­ma­ni­ýa, Fran­si­ýa we Ita­li­ýa öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Is­pa­ni­ýa bu dört ýur­duň sy­ýa­hat­çy­la­ryn­dan 35 mil­liard 864 mil­li­on ýew­ro gir­de­ji ga­za­nyp­dyr.