Dünýäniň iň uly çöli bolan Saharanyň içinden awtoýol we optiki süýümli geçiriji gurulýar. Afrikanyň bileleşik ýoly diýlip atlandyrylýan halkara awtoýolyň bir ujy Alžiriň Niger serhedine golaý ýerleşýän In Gezzam welaýatynyň içinden hem geçýär. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi babatda ilkinji pikir 50 ýyl ozal orta atylypdyr. Halkara awtoýoly Alžiriň adybir paýtagtyndan Nigeriýanyň Lagos şäherine çenli 5 müň kilometr töweregi aralygy birikdirýär. Alty ýurduň içinden geçýän ýol Saharanyň demirgazygy bilen günortasyndaky gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak maksady bilen gurulýar. Bu ýoluň sebitiň ykdysady ösüşine uly goşant goşmagyna garaşylýar. Ýoluň ugrunda iri şäherleriň bolşy ýaly, gündelik durmuşy şäher ilatyndan düýpgöter tapawutlanýan çarwa ilat hem ýaşaýar. Bu taslama sebit ýurtlarynyň importyny we eksportyny hem artdyrar.

Ýol ulaglaryň ygtybarly hereketini üpjün etmek üçin Saharanyň tebigy şertleri göz öňünde tutulyp gurlupdyr. Bu ýol Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklary artdyrmaga ýardam edýär.

Şeýle hem ýoluň ugrunda Transsahara optiki süýümli internet geçirijisi gurulýar.

Yslamberdi Tyllanurow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy