Şu gün — 10-njy oktýabrda Duşenbedäki «Kasri Millat» köşgünde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Arkalaşyga girýän ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, şeýle-de GDA-nyň Baş sekretary sammite gatnaşmak üçin täjik paýtagtynda jemlendiler.
Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklygynda geçirilen sammitde jemi 20 sany mesele döwlet Baştutanlarynyň garamagyna hödürlenildi. Ýokary derejeli duşuşykda halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary, şol sanda dünýä we sebit derejesinde howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Arkalaşygyň çäginde syýasy dialogy çuňlaşdyrmak, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary giňeltmek meseleleri aýratyn üns merkezinde boldy. Şeýle-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenip, birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe sammitinde eden çykyşynda halkara syýasatyň häzirki ýeňil bolmadyk şertlerinde GDA-nyň hormat goýmak we deňhukukly özara gatnaşyklaryň formaty hökmünde özüni görkezýändigini, oňa gatnaşyjylaryň arasynda daşary syýasy, ykdysady, söwda, ynsanperwer we beýleki soraglar boýunça gurluşlaýyn dialogyň alnyp barylýandygyny belledi. Arkalaşygyň giňişliginde howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň durnukly ulgamyny saklap galmak, geçirilýän syýasy-diplomatik geňeşmeleri ösdürmek we olaryň mowzugyny giňeltmek, bu düzümiň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns çekildi.
Döwlet Baştutanymyz ykdysady ulgamy köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezip, bu babatda durmuşa geçirilýän işlerde esasy ugur görkeziji bolup durýan GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüş Strategiýasyny doly derejede amala aşyrmagyň zerurdygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşynda ulag ulgamyny ösdürmek, Hazar sebitiniň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini artdyrmak, söwda, senagat we tehnologik zynjyrlary döretmek, GDA ýurtlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki önümçilik taslamalaryny meýilleşdirmek, tehnologik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, medeniýet, ylym-bilim, sport ulgamlarynda özara gatnaşyklary goldamak bilen bagly teklipleri hem beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, sammite gatnaşyjylaryň ählisini bu şanly sene mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy.