Täjigistanda lukmançylyk ylmyny we halkara saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, şeýle hem dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni görnükli alym Abu Aly ibn Sinanyň ylmy mirasyny öwrenmäge çekmek maksady bilen, Prezident Emomali Rahmon degişli Permana gol çekdi. Täze esaslandyrylan halkara baýrak lukmançylyk pudagynda dünýä derejesinde görnükli goşant goşan we uly üstünlikler gazanan alymlary höweslendirmek maksady bilen gowşurylar. Resminama laýyklykda, ýurtda ýörite Baýrak gaznasy döredilip, Täjigistanyň Hökümetine bu baýragyň düzgünnamalaryny işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.
Prezidentiň bu başlangyjy global saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, esasan hem, adamzat üçin çynlakaý wehim bolup durýan keselleriň öňüni almakda hem-de ekologiýany goramakda Ibn Sinanyň häzirki zaman ylmynyň synagyndan geçen nazaryýetlerini dabaralandyrmaga uly goşant bolar. Ýeri gelende bellesek, Täjigistanda häzirki wagtda Döwlet lukmançylyk uniwersitetine we paýtagt Duşanbäniň bir etrabyna alymyň ady dakylyp, onuň doglan güni bolan 18-nji awgust bolsa her ýyl saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy hökmünde dabaraly bellenilýär.
Orta asyrlaryň iň beýik ensiklopediýaçy-alymy, lukmany, filosofy we astronomy bolan Abu Aly ibn Sina (980 — 1037) ylmyň 29 ugruny öz içine alýan ägirt uly miras galdyrypdyr. Ol Buharanyň golaýyndaky Afşana obasynda (häzirki Özbegistan) dünýä inip, soňra Samaniler döwleti synandan soň, 1002-nji ýylda Ürgenje (häzirki Köneürgenje) göçüp gelýär we bu ýerde Horezmşalaryň köşgünde özüniň ylmy işlerini üstünlikli dowam etdirýär. Ömrüniň soňky ýyllaryny Jürjan, Reý, Hamedan we Yspyhan şäherlerinde geçiren görnükli alymyň bitiren işleri häzirki wagtda bütin adamzadyň ruhy we intellektual baýlygy hasaplanýar.
PDF









