Eýranyň IRNA habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň mekdeplerde pars hatynyň okadylyşynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak baradaky täze tabşyrygyndan soň, ýurduň ylmy we habar beriş serişdeleri toparlarynda pars dilindäki habar beriş serişdesini döretmek meselesi ýene-de gün tertibine geldi. Bilermenler tarapyndan bu başlangyç durnukly sebit we halkara gatnaşyklaryny berkitmekde, täjik tarapynyň dünýäniň 150 milliondan gowrak pars dilli ilatyna öz garaýyşlaryny göni ýetirmeginde hem-de maglumat gurşawyndaky çäklendirmeleri aradan aýyrmakda möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirilýär. Ýurduň öňdebaryjy «Aziýa-Plus» habarlar sahypasynyň taýýarlan giňişleýin seljermesinde täjik alymlarynyň, taryhçylarynyň we syýasy bilermenleriniň pars hatynda ýazýan hünär derejeli täze analitik habar beriş organynyň zerurdygy baradaky netijeleri getirilýär. Çünki häzirki wagtda Täjigistanda pars dilinde geplense-de, resmi taýdan kirillisa elipbiýi ulanylýar we pars hatyndaky neşirler örän çäklidir. Täjigistanyň taryhçylarynyň hem-de syýasy synçylarynyň tassyklamagyna görä, 1980-nji ýyllaryň ahyrynda we garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýurtda pars hatynda çap edilen gazet-žurnallaryň şowly tejribesi bar hem-de häzirki wagtda ýurduň sebit we dünýä wakalary baradaky özbaşdak garaýyşlaryny global derejede tanyşdyrmak üçin uly mümkinçilikleri bar. Bu habar beriş serişdesi sebitdäki pars dilli ýurtlaryň arasyndaky medeni, ykdysady we syýasy hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge, adalgalaryň utgaşyklygyny üpjün etmäge hem-de milli taryhy mirasy gorap saklamaga çynlakaý goşant goşar.
Esasy Dünýä täzelikleri Täjigistanda mekdeplerde pars hatynyň okadylyşynyň hünär derejesi ýokarlandyrylar
PDF









