G7 sammiti öz işine başlaýar

3

Şu gün 14-nji iýunda Fransiýanyň Ženewa kölüniň kenaryndaky Ewiýan-le-Ban şäherinde dünýäniň iň ösen ýedi döwletiniň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda nobatdaky 52-nji G7 sammiti öz işine başlaýar. Üç günüň dowamynda geçiriljek bu abraýly halkara forumyň gün tertibine sebitara howpsuzlyk, energetika durnuklylygy we emeli aň ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ýaly dünýä bileleşigini biynjalyk edýän çynlakaý meseleler girizildi.
Halkara synçylaryň we bilermenleriň bahalandyrmalaryna görä, nobatdaky duşuşyk soňky ýyllaryň iň çylşyrymly hem-de durnuksuz syýasy-ykdysady şertlerinde geçýär. Forumyň çäklerinde aýratyn üns berilýän ugurlaryň biri hem Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlary durnuklylaşdyrmak meseleleridir.
Munuň bilen birlikde, halkara forumyň dowamynda dünýä ykdysadyýetindäki täze gümrük paçlary, döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňişleýin seljeriler. Duşuşygyň çäklerinde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirip, ähli taraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem sammitiň meýilnamasyna laýyklykda, Müsür Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriň we Kataryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ýakyn Gündogarda durnuklylygy üpjün etmek boýunça aýratyn günortanlyk nahary guralar.
Şu gezekki duşuşygyň ýene-de bir tapawutly aýratynlygy, oňa dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň, ýagny «OpenAI», «Google DeepMind» we «Anthropic» ýaly emeli aň ulgamynda işleýän iri düzümleriň ýolbaşçylarynyň ilkinji gezek doly düzümde gatnaşmagydyr. Forumyň jemleýji gününde emeli aňy dünýäniň durnukly ösüşine we howpsuzlygyna peýdaly hem-de netijeli ornaşdyrmak meselelerine bagyşlanan aýratyn maslahat geçiriler. Sammit tamamlanandan soňra, ABŞ-nyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli Fransiýanyň taryhy Wersal köşgünde guraljak resmi kabul edişlige gatnaşar.