Ispaniýanyň çempionatynda 35-nji tapgyrda “El Klasiko” duşuşygy geçirilip, 4-3 hasabynda ýeňşini baýram eden “Barselona” topary çempionlyga bir ädim golaýlady. Çekeleşikli we hemişekiler ýaly dartgynly geçen oýunda “Real Madrid” Kilian Mbappeniň (5 p, 14) gollary bilen 2-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik “Barselona” 1-nji ýarym tamamlanmanka garşydaşyna 4 gol bilen jogap berdi. 19-njy minutda Erik Garsiýa aratapawudy 1 gola düşüren bolsa, 32-nji minutda Ýamal hasaby deňledi. 34-nji we 45-nji minutlarda Rafinýa gol geçirip, “Barselonany” 4-2 hasabynda öňe saýlady. 2-nji ýaryma käbir oýunçy çalşygy bilen başlan “Real Madrid” toparynda Kilian Mbappe 70-nji minutda het-trigini tamamlasa-da, bu “Real” üçin ýeňşe ýetmedi. Ol soňky 30 ýylda “La Liganyň” çäginde “El Klasikoda” het-trik eden ilkinji really futbolçy boldy. Ondan öň Iwan Zamorano “El Klasikoda” 3 gol salypdy.

“Barselona” topary şu möwsümdäki 4 “El Klasiko” “Real Madridi” ýeňmegi başardy. Şeýle statistika “El Klasikolaryň” taryhynda 2008-nji we 2010-njy ýyllardan soň 3-nji gezek hasaba alynýar. Şol sanda Hansi Flik ispaniýaly Pep Guardioladan soň ilkinji 4 “El Klasikoda” ýeňiş gazanan 2-nji barselonaly tälimçi boldy.

Penşenbe güni myhmançylykda “Espanýol” bilen duşuşjak “Barselona” bu oýunda ýeňiş gazansa, onda olar nobatdaky çempionlygyny yglan eder.

Bu duşuşyk Karlo Ançelottiniň “Realyň” tälimçisi hökmünde geçiren 350-nji oýny hökmünde hasaba alyndy.