Halkymyzyň kalbyny buýsanç şuglasy bilen ganatlandyrýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda güneşli Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerinde täze taryhy eýýamyň bedew bady, ýurdumyzdaky agzybirligiň, jebisligiň ygtybarly güýji aýdyň duýulýar. Bu ruhy güýç Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretleriniň has artýandygyny, döwletli ojaklara rysgal-bereket eçilýändigini, gözel eýýama buýsançdyr-söýginiň çuňlaşýandygyny anyk görkezýär.
Ähli döwürde-de biri-birinden ajaýyp binalary gurup bilýän döwleti gurply döwlet hasaplapdyrlar. Şol ýurtda amala aşyrylýan ajaýyp işlerdir gurulýan desgalaryň hem döwletiň ykdysady ýagdaýyny aýdyň görkezýändigine şübhelenmese bolar. Muňa biz Garaşsyz Watanymyzyň mysalynda-da aýdyň göz ýetirýäris. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz beýleki ugurlar bilen bir hatarda, gurluşyk ulgamynyň işine-de toplumlaýynlyk, ýokary hillilik hem-de haýran galarlyk derejede bedew badyny berdi. Netijede, sanaýmaly ýyllaryň içinde diňe bir paýtagtymyzda däl, döwletimiziň ähli welaýatlarynda-da ak mermere beslenen bagtyýarlyk binalary köpeldi. Şonda esasy iri desgalarymyzyň köpüsi täsin binagärlik keşbi, ekologiýa zyýansyzlygy, hiliniň ýokarylygy bilen Ginnesiň rekordlar kitabynyň, şeýle-de dünýäniň iri halkara guramalarynyň sertifikatlaryna mynasyp boldy.
Eziz Watanymyzyň ähli künjeginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary bilen gurlup, ulanylmaga berilýän täze binalaryň sanynyň has köplügi bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlary, şol sanda goýny 360 pirli Daşoguz welaýaty hem täze belentliklere ýetdi, buýsançlaryň, alkyşlaryň owazlanýan künjegine öwrüldi. Daşoguz welaýaty Garaşsyzlyk ýyllarynda uly üstünliklere eýe boldy. Welaýatda ykdysadyýet, medeniýet, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlary ösdi, ilatyň hal-ýagdaýy has-da gowulandy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary, sahawaty bilen welaýatda hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň, orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, medeniýet öýleriniň, sport desgalarynyň, şeýle-de önümçilik maksatly zawod-fabrikleriň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi. Welaýatda täze önümçilik desgalarynyň işe girizilmegi milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uludan toýlanylan hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Daşoguz şäherinde döwrebap täze ýaşaýyş jaýlar we desgalar toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi ähli ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji maýyndaky degişli Kararyna laýyklykda, Daşoguz şäheriniň çäginde 1496 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlar we desgalar toplumy bina edildi. Bu ýerde 70 sany 4 gatly, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary, orta mekdep, çagalar bagy, saglyk, söwda merkezleriniň gurulmagy şäher ilatynyň döwrebap şertlerde ýaşamaga, medeniýetli dynç almaga bolan islegini kanagatlandyrýar. Ulanylmaga berlen döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan öý edinen bagtyýar ynsanlaryň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarynyň çägi ýok.
Şäheriň görküni artdyrýan bu ajaýyp binalaryň tutuş durkunda milli ýörelgelere ygrarlylygyň döwrümize mahsus aýratyn alamatlary jemlenýär. Günsaýyn gözelleşýän, ösýän-özgerýän, Gün nuruna öwşün atýan, Aýyň şuglasyna ýagty saçýan binalary bilen haýran galdyrýan Daşoguz şäheriniň ilatynyň ýüz keşbinde agzybirlige hem jebislige buýsanç görünýär. Bu binalar, bir tarapdan, döwletimiziň ykdysady binýadynyň berkdigini görkezse, ikinji tarapdan, hormatly Prezidentimiziň öz raýatlaryny has bagtyýar hem-de eşretli durmuşda ýaşatmak üçin amala aşyrýan beýik işlerinden anyk mysallar bolup durýar. Gurulýan dürli maksatly binalar türkmen halkynyň galkynan göwni bolup, al-asmana galýar. Biz aklyga beslenen şol binalaryň depesinden ak ertirlerimize bakyp, ýagty geljegimizi görýäris hem-de özümizi şeýle bagtyýar durmuşa ýetiren Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimizden alkyş sözlerini aýdýarys.
Didar Osmanow,
TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy, welaýat halk maslahatynyň agzasy.