Taryhy ýadygärliklerde döwrebap tehnologiýalar

2

Dünýäniň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamagyň we ekologiýa taýdan durnukly ösüşi üpjün etmegiň çäklerinde, Italiýanyň «Pompei» arheologik parkynda hem-de Portugaliýanyň Ewora şäherinde döwrebap we täzeçil taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Alyp barylýan işleriň çäklerinde taryhy binalaryň binagärlik aýratynlyklaryna zeper ýetirmän, gadymy üçek çerepisalarynyň görnüşinde ýasalan we daşyndan seredeniňde asla duýulmaýan döwrebap Gün panelleri gurnalýar. Bu täzeçil tehnologiýa taryhy binalary öz-özüni elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge ukyply ekologiýa taýdan arassa desgalara öwürmäge mümkinçilik berýär.
Italiýanyň meşhur «Pompei» arheologik parkynyň çäginde ýerleşýän antik döwre degişli Syrlar winsinde (Villa dei Misteri) gurnalan bu ulgam daşyndan adaty gadymy rim çerepisasy ýaly görünse-de, aslynda üçek gurnamasynyň aşaky böleginde ýerleşdirilen kiçi göwrümli fotoelektrik modullaryndan ybaratdyr. «Pompei» arheologik parkynyň direktory Gabriel Suhtrigeliň bellemegine görä, bu gurnama desgany yşyklandyrmak üçin zerur bolan elektrik energiýasynyň agramly bölegini öndürýär we geljekde degişli usuly meýdançanyň umumy elektrik torundan uzakda ýerleşýän beýleki künjeklerinde hem ulanmak meýilleşdirilýär.
Şeýle tejribe ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Portugaliýanyň Ewora şäherinde hem giňden ulanylýar. Ewora şäher häkimliginiň uçeginde Ýewropa Bileleşiginiň «POCITYF» taslamasynyň çäklerinde Italiýanyň «Dyaqua» kärhanasy tarapyndan öndürilen ýörite çerepisalar ýerleşdirildi. Bu önümler ýarym dury epoksid şepbikli kompozit materialyndan taýýarlanyp, içine fotoelektrik elementleri gurnalýar we bina 20 kWt-pik kuwwatlylygy bolan elektrik energiýasyny berýär. Taslamanyň utgaşdyryjysy Nunu Bilunyň nygtamagyna görä, taryhy şäherler geçmişiň mirasyny goramak bilen bir hatarda, döwrüň esasy talaby bolan uglerod galyndylaryny azaltmak we durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly wezipelere hem jogap bermelidirler. Häzirki wagtda Niderlandlaryň Alkmar şäheri bilen bilelikde durmuşa geçirilýän bu innowasion taslamalaryň çäklerinde, taryhy künjeklerde fotoelektrik panelleri oturdylan aýna üçekleri we mekdep howlularynda Gün energiýasyny öndürýän ýörite saýawanlary synagdan geçirmek işleri hem alnyp barylýar.