«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Änewde geçirilýän dabaralardyr duşuşyklar, maslahatlar, täsirli çäreler bu gadymy şäheriň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasymyzy öwrenmekde hem-de giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby bolsa, bu ugurda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk, egsilmez hazyna bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasynyň öňüsyrasynda halkymyza sowgat edildi. Ajaýyp eser gysga wagtda ulus-ilimiziň söýgüsini gazanyp, her birimiziň ýankitabymyza öwrüldi.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikleriň goralyp saklanylmagyna-da aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gymmatlyklar dürli arheologik döwürlere we milli medeni däp-dessurlara degişli bolmak bilen, halkymyzyň hem-de onuň geçmişiniň ruhy esaslary hökmünde döwürleri özara birleşdirip, häzirki döwrüň nesillerini ýagşy däp-dessurlaryň dowam etdirilmegine, türkmen topragynyň beýik geçmişine hormat bilen garamaga iterýär. Diýarymyzyň bu künjegi gadymy medeniýetleriň gatlaklaryny özünde saklaýar: Ahalyň dag eteklerinde ilkinji ekerançylar ak bugdaýy ösdürip ýetişdiripdirler, rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri şu mekandan gözbaş alýar. Geçmişde bu ýerde medeniýetiň gülläp ösendigine bolsa, bar bolan taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz täze kitabynda: «Garaşsyz Watanymyzyň taryhynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň ösüşiniň hem galkynyşlara beslenmegi alyp barýan işlerimiziň netijesini mälim eder diýip ynanýaryn. Änew ýaly gadymy mekany, Magtymguly Pyragy ýaly akyldary, ussat şahyry bolan halkyň medeniýetiniň bolsa adamzadyň medeniýetiniň ösüşlerinde uly paýynyň bardygy ikuçsuz hakykatdyr. Biz öz taryhymyza guwanýarys. Şol taryhyň häzirki zamanyň ruhy-medeni gurşawynyň kemala gelmeginde düýpli esas bolýandygyny hem ynamly ykrar edýäris» diýip belleýär.
«Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitapda ajaýyp pikir-garaýyşlaryň tymsallar bilen utgaşdyrylyp beýan edilmegi kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň şöhratly taryhy baradaky çuňňur biliminden, giň gözýetiminden, ýiti zehininden habar berýär.
Oguljennet Annahanowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
PDF









