Dünýädäki iň gymmat kitap, italýan suratkeşi we oýlap tapyjysy Leonardo da Winçi tarapyndan ýazylan “Lester Kodeksi”. Kitapda da Winçiniň öz eli bilen eden bellikleri bar. Golýazma häzirki wagtda kitaphonlygy bilen tanalýan belli işewür Bill Geýts eýeçilik edýär. Kitabyň bahasy 44 million dollar.
Iň gadymy kitap Bolgariýanyň günorta-günbataryndaky harabalyklardan tapylan golýazma hasaplanýar. Kitap Sofiýadaky Bolgariýanyň milli muzeýinde, ony tapan we adynyň aýdylmagyny isleýän adam tarapyndan getirildi. Golýazma 2500 ýyl mundan öň ýasalyp, 24 gezek altyn bilen örtülen alty sahypadan ybarat bolupdyr.
Dünýäniň kagyz görnüşde çap edilen iň kiçi kitabynyň ölçegi 0,9×0.9 mm. Bu kitap 2002-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Kitapda A.P.Çehowyň “Hameleon” hekaýasy ýerleşdirilipdir.
Dünýädäki iň uly sözlügi XIX asyrda döredilip başlanan we XX asyrda beýleki ýazyjylar tarapyndan tamamlanan “Nemes sözlügi” hasaplamak bolar. Jemi 33 519 sahypasy bolan sözlük 33 tomdan ybarat.
Taýýarlan: Aýmyrat Hudaýberdiýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.