Häzirki wagtda dünýäniň dürli şäherlerinde Täze ýyl mynasybetli şäherleriň köçeleri, meýdançalar, söwda merkezler we beýleki köp adamly ýerler bezelýär. Adatça bu baýramçylykda emeli ýa-da hakyky arça agajynda Täze ýyl arçasy gurlup, owadan jäjekleri bilen bezelýär. Liwanda bolsa, ýaşyl reňkli plastik çüýşelerden Täze ýyl arçasy döredilýär. Ýurduň demirgazygyndaky Zagarta sebitinde, Binşi kölüniň kenaryndaky meýdançada oturdylan arçanyň beýikligi 18 metre ýetýär. Arçany gurmak üçin ulanylan çüýşeler baýramçylyk tamamlanandan soňra gaýtadan çig mal hökmünde peýdalanylar. Arça üçin gerekli bolan plastik gaplar meýletinçiler tarapyndan toplanypdyr. Meýletinçilere Karolaýn Şebtini ýolbaşçylyk edýär. Şebtini ýaşyl reňkli 110 müň çüýşäniň 25 günde toplanandygyny belleýär. Ol planetamyzyň arassa saklanmagyna ünsi çekmek üçin şeýle çäräni geçirendiklerini, bu çärä raýatlaryň köp sanlysynyň goşant goşandygyny aýdýar. Çüýşeler ýurduň dürli sebitlerinden getirilipdir.
Enegül Ballyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.