“Opel” kompaniýasynyň “Mokka-e” modeliniň 2023-nji ýyla niýetlenen görnüşi tanyşdyryldy. Bu ulagyň ady “Opel Mokka Electric” diýlip üýtgedildi. Täze modeliň häzirki nusgasyndan has güýçli we bir gezekki zarýady bilen has uzaga gidip bilýändigi mälim edildi. Mundan ozalky nusgasy 2020-nji ýylyň iýunyndan tanyşdyrylan ulag krossower görnüşli bolup, “Stellantis” toparyna degişli bolan “Opel”-iň uly göwrümli elektroulaglarynyň biridir. “Mokka Electric” bir gezekki zarýady bilen 406 km ýol geçip biler. Häzirki nusgada bu görkeziji 338 kilometr. Bu bolsa, ulagyň geçýän ýolunyň 20 göterim artýandygyny görkezýär.
“2023 Opel Mokka Electric”-iň batareýasy ýarym sagatda 80 göterim dolýar. Ulagyň ýokary tizligi 150 km/sagat. Häzirki wagtda “Opel” gibrid we dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän jemi 12 model öndürýär. Nemes brendi 2024-nji ýyldan başlap, ähli modelleriniň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşini hem öndürer. kompaniýa 2028-nji ýyldan başlap bolsa, Ýewropada diňe elektroulag satar.
Amangül Orazgulyýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF









