Ylmy çemeleşmä, hojalygy netijeli ýöretmäge we meýilnamalaşdyrmaga esaslanýan Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň strategiýasy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu strategiýa ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga we sanlylaşdyrmaga, bazar düzümleriniň we döwlet gözegçiliginiň netijeli sazlaşygyna, iň täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda geçen ýylda ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depgininiň saklanyp galandygyny, jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim, şol sanda senagatda 1,5 göterim, söwdada 10,1 göterim, oba hojalygynda bolsa 5,3 göterim bolandygyny, maýa goýumlarynyň 9,1 göterim artandygyny, hasabat döwründe jemi 5 müň 735 sany täze iş ornunyň döredilendigini belledi. Elbetde, bu görkezijiler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň sazlaşykly artýandygynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň alamatydyr.
Hormatly Prezidentimiziň şol mejlisde «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi bolsa, ildeşlerimizde şatlyk duýgusyny döretdi. Bu resminamada «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän 2025-nji ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, şeýle-de raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça çäreler öz beýanyny tapýar. Şonuň çäginde eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde täze, döwrebap obalaryň, şäherçedir desgalaryň açylyp ulanylmaga beriljekdigine juda buýsanýarys.
Geçen ýylda önümçilik, durmuş, medeni we üpjünçilik ulgamy maksatly desgalardyr binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Ýurdy durnukly ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler ýokary depginli senagatlaşdyrma hem-de innowasiýa syýasatyny utgaşykly alyp barmak üçin zerur şertleri emele getirdi. Durmuş taýdan göz öňünde tutulan ykdysadyýetiň berk maddy binýady döredildi. Ýurduň öz haryt öndürijilerine goldaw bermegi esasynda, içerki bazary ösdürmäge, ýeterlik derejede bäsleşik gurşawyny döretmäge hem uly üns gönükdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2025-nji ýylda hem milli ykdysadyýetiň binýadyny berkitmek, innowasion tehnologiýalar esasynda täze önümçilikleri döretmek, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işler geçiriler. Degişli Maksatnama laýyklykda, hususy kärhanalaryň we telekeçileriň önümçiligini ösdürmek bilen bagly taslamalar üçin karz serişdeleriniň berilmegi, ilatyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak üçin ýeňillikli şertlerde karzlaryň berilmegi dowam etdiriler.
2025-nji ýylda täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňden gowrak täze iş ornuny döretmek meýilleşdirilýär. Bu ýyl kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny artdyrmak, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň görkezijileri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň netijelidigini tassyklaýar. Watanymyzyň mundan beýläk-de depginli ösdürilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagy bu maksatnamalaryň baş wezipesidir.
Aknabat KUTLYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.