Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler rowaçlanýar. Öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklaryň ulanmaga berilmegi bilen ýokary görkezijiler gazanylýar. Dünýä tejribesinde uly orna eýe bolan sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, köp sanly işler durmuşa geçirildi. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ösüşiniň täze belentliklere çykmagyna itergi berýär. Milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagy bilen sanly hyzmatlardan, elektron-maglumat ulgamlaryndan, maglumat-telekommunikasiýa torlaryndan we elektron amallaryndan netijeli peýdalanmaga giň ýol açylýar. Ykdysady we wagt tygşytlylygyny gazanmakda täze mümkinçilikler peýda bolýar. Sanly ykdysadyýetiň bilim ulgamyndaky bähbitli taraplary ýylsaýyn ýokarlanýar. Bu ugurda kämil ulgamdan ýerlikli peýdalanylmagy ýaş hünärmenleri ýetişdirmekde ýokary netijeleriň gazanylmagyna amatly mümkinçilikleri döredýär.
Milli ykdysadyýetimize sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bolsa, ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we innowasion häsiýete eýe bolmagyny güýçlendirmäge, IT ugurly hünärmenleriň taýýarlanmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine, işewür we maýa goýum işjeňligini hem-de döwlet dolandyrylyşynyň netijeliligini artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, maglumat ulgamlaryny kämilleşdirmäge, durmuş pudaklarynda we maliýe ulgamynda ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyryp, nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmaga, harajatlaryň we sarp edilýän wagtyň tygşytlanmagyny üpjün etmäge, uzakmöhletleýin durnukly ösüşiň gazanylmagyna we jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň ýokarlanmagyna ýardam etdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň nobatdaky maksatnamasyny işläp düzmek ugrunda hem degişli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtda sanly ulgamyň ýokary depginde ösdürilýän döwründe kiberhowpsuzlygynyň hem ähmiýeti artýar. Ýurdumyzda bu ugurda hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär. Ýakynda geçirilen Hökümet mejlisinde «Sanly ulgamyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde daşary ýurt döwletleri hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025 – 2027-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalary barada hasabat berildi. Bu resminamalar şu ugurda bilelikdäki işleri amala aşyrmaga, özara tejribe alyşmaga, hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda çözmäge ýardam berer. Agzalan Maksatnamada we Meýilnamada daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen degişli şertnamalary baglaşmak, döwletara gatnaşyklarda milli bähbitleri goramak, kiberhüjümler barada maglumat alyşmagyň ýollaryny kesgitlemek, halkara derejede kiberhowpsuzlyk we kiberdiplomatiýa boýunça kabul edilýän çözgütleri ýurdumyzda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.
Mahlasy, hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri ýurdumyzyň sanly ulgamynyň maglumat we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekden hem-de kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 22-nji fewralynda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynda 4G+ internet tehnologiýasynyň işine ak pata bermegi hem-de «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen bu şäherde ornaşdyryljak 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklary, onuň gurşap alýan çägi we bu tehnologiýanyň degişli düzümlerdir pudaklar üçin ähmiýeti bilen tanyşmagy ýurdumyzda ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy babatda alnyp barylýan işleriň aýdyň beýany boldy.
Amangeldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň müdiri.