Täze ýyl gijesi awtobus we taksi hyzmatlary ýola goýlar

79

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi Täze ýyl baýramy mynasybetli, ilatyň awtoulag hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de awtoulag hyzmatlarynyň hiliniň we medeniýetiniň has-da ýokary bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, Aşgabat, Arkadag, Balkanabat, Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerinde şäheriçi, Aşgabat şäherinden Gökdepe we Änew şäherlerine hem-de Gökdepe şäherinden Arkadag şäherine şäherýaka ugurlarda 2023-nji ýylyň 31-nji dekabry sagat 06:00-dan 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwary sagat 01:00-a çenli awtobus hyzmatlarynyň, şeýle hem gije-gündiziň dowamynda taksi hyzmatlarynyň ýerine ýetiriljekdigi barada habar berýär.