Braziliýada pandemiýa sebäpli iki ýyldan bäri geçirilmedik Rio festiwaly başlady. Her ýylda ýurduň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilýän çärede samba mekdepleriniň tansçylary we sazandalary çykyş etdiler. Dabara mynasybetli şäheriň “Sambadrome” ýöriş meýdançasynda açylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara köp sanly myhman gatnaşdy. Karnawal 30-njy aprele çenli dowam eder. Şäheriň meri Eduardo Paes “Dünýäniň iň uly çykyşynyň dolanyp gelendigini buýsanç bilen mälim edýärin” – diýdi.