Soň­ky ýyl­lar­da teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Te­le­fon ha­bar­la­ry we tä­ze­lik­le­ri yzar­la­mak­dan baş­lap, ýa­kyn­la­ry­myz bi­len ha­bar­laş­mak ýaly köp mak­sat üçin ula­nyl­ýar. Öý­de, ýol­da, iş­de, dynç alyş­da, umu­man, hem­me ýer­de ýa­ny­myz­da te­le­fo­ny­myz bar. Hat­da uk­lap ýa­tyr­kak hem «iň ýa­kyn dos­tu­my­zy» ýa­ny­myz­dan go­ýam­zok. Eý­sem, te­le­fo­ny ýas­sy­gyň aşa­gyn­da goýup uklamak sag­ly­ga nä­hi­li tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär?
Köp adam te­le­fo­ny ýas­sy­gyň aşa­gyn­da goýup ýatmagyň zy­ýan­ly­dy­gy­na dü­şün­me­ýär. Te­le­fo­ny go­la­ýyň­da ýa-da ýas­sy­gyň aşa­gyn­da go­ýup ýat­mak uly ýal­ňyş­lyk ha­sap­lan­ýar. Gi­jä­niň do­wa­myn­da te­le­fo­nyň ýas­sy­gyň aşa­gyn­da gal­ma­gy uky­nyň hi­li­ne ýa­ra­maz tä­sir et­mek bi­len bir ha­tar­da, düw­nük ke­se­li­niň döremegi ýaly bir­nä­çe tö­wek­gel­çi­lik­le­re se­bäp bo­lup bil­ýär. Elekt­ro­mag­nit tol­kun­la­ry­nyň tä­si­ri pi­kir edi­şi­miz­den has ulu­dyr we howp­lu­dyr.
Uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da elekt­ron en­jam­lar­dan çyk­ýan gök şöh­lä­niň me­la­to­ni­niň bö­lü­nip çy­ky­şy­na tä­sir ed­ýän­di­gi we uk­la­ma­gy kyn­laş­dyr­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Me­la­to­nin be­de­niň bio­lo­gik sa­ga­dy­ny ka­da­laş­dyr­ýan we uky­nyň hi­li­ne gö­zeg­çi­lik ed­ýän gor­mon­dyr. Te­le­fo­nyň ek­ra­nyn­dan çyk­ýan gök şöh­le, esa­san hem, ga­raň­ky­da te­le­fo­ny ulan­mak uku­syz­lyk we ýa­daw­lyk ýa­ly me­se­le­le­re se­bäp bol­ýar.
El te­le­fon­la­ry ra­dio ýy­gy­ly­gy­nyň (RF) pes de­re­je­si­ni çy­kar­ýar. Bu adat­ça howp­suz ha­sap­lan­sa-da, uzak möh­let­de do­wam eden­de düw­nük ke­se­li­niň döremek tö­wek­gel­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar. Smart­fon­lar di­ňe bir ra­dia­si­ýa çy­kar­man, he­re­ket­ler we yr­gyl­dy­lar gör­şüň bu­laş­ma­gy­na hem tä­sir ed­ýär.
Te­le­fo­nyň üs­tün­de uk­la­mak sag­ly­ga zy­ýan­ly bol­mak bi­len bir ha­tar­da, bu en­ja­myň zar­ýad ber­len­de gyz­magyny ýo­kar­lan­dy­ryp bi­ler. Te­le­fo­nyň aşa gyz­ma­gy kä­te ýan­gyn how­pu­ny hem dö­red­ýär. Sag­ly­gy­myz üçin, şeý­le hem te­le­fo­ny uzak wagt­lap ulan­mak üçin bu en­ja­my ýa­tyl­ýan otag­dan çet­leş­dir­me­li.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, gi­je­si­ne te­le­fon ulan­mak we ýas­sy­gyň aşa­gyn­da go­ýup uk­la­mak beý­ni­niň iş­leý­şi­ne hem oňaý­syz tä­sir ed­ýär. Ýat­jak wag­tyň bu enjamy ulan­mak stres we ala­da­lan­ma how­pu­ny ýo­kar­lan­dy­ryp, im­mu­ni­te­tiň peselmegine se­bäp bol­ýar. Ýe­ter­lik uky al­maz­lyk işdädir kadaly agrama hem oňaý­syz tä­sir ed­ýär. Dynç alyn­ýan wag­ty te­le­fo­na güý­men­mek iý­mit de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny bo­zup, köp iý­mä­ge we ag­ra­myň artmagyna se­bäp bol­ýar.