Por­tu­ga­li­ýa­ly ýa­zy­jy Li­di­ýa Žor­že 2026-njy ýy­lyň Ýew­ro­pa ede­bi­ýa­ty bo­ýun­ça Awst­ri­ýa­nyň döw­let baý­ra­gy­nyň eýe­si bol­dy. Bu ba­ra­da Awst­ri­ýa­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň res­mi saý­tyn­da mä­lim edil­ýär. Pul sy­la­gy­nyň möç­be­ri 25 müň ýew­ro bo­lan bu ab­raý­ly baý­ra­gy gow­şur­mak da­ba­ra­sy 27-nji iýul­da Zals­burg fes­ti­wa­ly­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­ler we ony Awst­ri­ýa­nyň wi­se-kans­le­ri, sun­gat hem-de me­de­ni­ýet mi­nist­ri And­re­as Bab­ler gow­şu­rar.
1965-nji ýyl­dan bä­ri gow­şu­ry­lyp ge­lin­ýän bu döw­let baý­ra­gy hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gin­de giň­den yk­rar edi­len we eser­le­ri ne­mes di­li­ne ter­ji­me edi­len ýew­ro­pa­ly aw­tor­la­ra ede­bi dö­re­di­ji­lik­de ga­za­nan umu­my üs­tün­lik­le­ri üçin be­ril­ýär. Emin ag­za­la­ry­nyň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Li­di­ýa Žor­že köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da por­tu­gal ede­bi­ýa­ty­nyň iň tä­sir­li we­kil­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Onuň döredijiliginde jemgyýetçilik deňsizligi, zenanlaryň hukuklary we kemsitmelere garşy göreş ýaly möhüm meseleler baş mowzuklar hökmünde öňe sürülýär. Wi­se-kans­ler And­re­as Bab­ler hem ýa­zy­jy­nyň şa­hy­ra­na di­li­ň üs­ti bi­len yn­san deň­li­gi­ni we dur­mu­şyň gym­mat­ly­gy­ny go­ra­ýan­dy­gy­ny bel­läp, onuň dö­re­di­ji­li­gi­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di.
Hä­zir­ki wagt­da 80 ýa­şyn­da­ky ýa­zy­jy Li­di­ýa Žor­že tas 50 ýyl­lyk dö­re­di­ji­lik ýo­lun­da 13 sa­ny ro­ma­ny, şeý­le-de ça­ga­lar üçin he­ka­ýa­la­ry, pýe­sa­la­ry, goş­gu­la­ry we es­se­le­ri ýaz­dy. Onuň eser­le­ri on­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da is­pan, fran­suz, iň­lis we ne­mes dil­le­ri­ne ter­ji­me edil­di. Ýazyjynyň ne­mes di­lin­de ne­şir edi­len eser­le­ri­niň ara­syn­da «O Dia dos Prodígi­os» (1979), «A Cos­ta dos Murmúri­os» (1988) we «Mi­se­ricórdia» (2022) ýa­ly ki­tap­la­ry aý­ra­tyn ta­pa­wut­lan­ýar.
Gün­do­gar Af­ri­ka­da­ky ko­lo­ni­al uruş döw­rün­de An­go­la­da we Mo­zam­bik­de ýa­şan, şeý­le hem uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da mu­gal­lym­çy­lyk we­zi­pe­le­rin­de zäh­met çe­ken Li­di­ýa Žor­že öz iş­jeň dö­re­di­ji­lik ýo­ly üçin köp san­ly ab­raý­ly baý­rak­la­ra my­na­syp bol­dy. Ol 2003-nji ýyl­da Por­tu­gal ýa­zy­jy­la­ry­nyň as­so­sia­si­ýa­sy­nyň uly baý­ra­gy­na, 2020-nji ýyl­da ro­man dil­le­rin­dä­ki ede­bi­ýat bo­ýun­ça FIL baý­ra­gy­na we 2025-nji ýyl­da Pes­soa baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy.